Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Dawosda 53-nji Bütindünýä ykdysady forumy dowam edýär

27-01-2023 / 5096

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forum 16-njy ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde 53-nji Bütindünýä ykdysady forumy (BYF) resmi taýdan açyldy. Açylyş dabarasy BYF-nyň saýtynda görkezildi.

Mejlisiň açylyşynda BYF-nyň esaslandyryjysy Klaus Şwab giriş sözüni sözledi. Ol gyzyklanma bildirýän taraplaryň duşuşmagy üçin meýdança hökmünde forumyň ähmiýetini belledi. Medeni işewürleriň birnäçesine «Kristall» baýraklary gowşuryldy.

Dawos – Şweýsariýanyň dag lyža şypahana merkezi bolup, her ýyl bu ýerde Bütindünýä ykdysady forumy geçirilýär. Bu forum 1971-nji ýylda nemes ykdysadyýetçisi Klaus Şwab tarapyndan döredildi. Ol ilkinji ýyllarda Ýewropanyň kompaniýalarydyr kärhanalaryna korporatiw çözgütler kabul etmegi üçin kömek etmek maksady bilen geçirilipdi. Soňlugy bilen bu forumda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň gerimi has-da giňedi. 1987-nji ýylda Bütindünýä ykdysady forum diýen adyny aldy we 2015-nji ýylda halkara gurama hökmünde ykrar edildi.

Bütindünýä ykdysady forumy 20-nji ýanwara çenli dowam eder. 2023-nji ýylda forumyň şygary: «Böleklenen dünýä şertlerinde hyzmatdaşlyk». Guramaçylaryň bellemegine görä, bu gezek Dawosa 2,7 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.

Resul GYLYJOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com