Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Döwletli döwrüň gadamlary

24-01-2023 / 5099

Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwrümiziñ “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan ýylynyñ 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyñ Milli Geñeşiniñ, ýurdumyzyñ jemgyýetçilik wekilleriniñ bilelikdäki maslahaty geçirildi. Il-ýurt bähbitli çözgütleriñ kabul edilmeginde, ýurdumyzyñ syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda taryhy waka öwrülen bu mejlise gatnaşmak bize hem egsilmez buýsanjy bagyş etdi. Taryhy waka şaýat bolýan pursatlarymyzda belent mertebesi bilen görnükli döwlet, syýasy we jemgyýetçik işgäri hökmünde halkara derejede ykrar edilen, döwrümiziň beýik şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýip ykrar etmek hakyndaky Konstitusion kanunyň kabul edilmegi göwnümize ganat berdi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli wakadyr. Tutuş halkymyzyň erk-islegi esasynda kabul edilen bu çözgüdiň Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna bildirilýän egsilmez hormatyñ, çäksiz sarpanyñ nyşanydyr. Bu waka döwrümiziñ ýyl ýazgysyna hem altyn harplar bilen ýazylar.

Ýeri gelende bellesek, Milli Geñeşiñ we jemgyýetçilik wekilleriniñ bilelikdäki mejlisinde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, mertebesi belent Milli Liderimiziň onuň Başlyklygyna bellenilmegi, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň bir palataly ulgama geçirilmegi ýaly demokratik özgertmeler durmuşa geçirildi. Şeýle hem mejlisiñ ýokary guramaçylyk derejesinde, toý ruhunda üstünlikli geçirilmegi, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriñ türkmeniñ döwletlilik ýörelgesiniñ dowamata dowam bolýandygyny alamatlandyrýar.

Biz bu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyñ eden taryhy çykyşyndan uly ruhubelentlik bilen lezzet aldyk. Sebäbi eziz Arkadagymyzyñ her bir sözünde dünýä ýaly giñ many, pähim hem parasat, durmuşa we geljege bolan çagyryş bar. Ol sözlerde ruhy güýç hem kämil ynam jemlenýär. Milli Liderimiz taryhy mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzyñ ählitaraplaýyn ösüşleri, döwlet maksatnamalarynyñ durmuşa geçirilişi we öñde duran uly wezipeler hakynda hem belläp geçdi.

Milli Liderimiz ýaşlar syýasatynyñ hukuk esaslaryny has-da berkitmek üçin “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyñ Kanunyñ kabul edilendigini hem belläp, ”Bu Kanunda okuwyň üznüksizligini gazanmak we hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaklary üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek ýaly birnäçe kadalar, beýleki ýeňillikler göz öňünde tutuldy” diýip nygtady. Munuñ özi Garaşsyz ýurdumyzda bilimli nesliñ geljegine aýratyn ähmiýet berilýändigini, bilimiñ üznüksizligini we yzygiderli kämilleşdirilmegini gazanmaga giñ mümkinçilikleriñ döredilýändigini görkezýär.

Häzirki ajaýyp döwürde bilim işgärleri hem ajaýyp ösüşlerden ruhlanyp, ata Watanymyzyñ şeýle taryhy wakalaryny ýaş nesliñ arasynda wagyz etmäge, onuñ syýasy, medeni we jemgyýetçilik ähmiýetini giñişleýin düşündirmäge işjeñ gatnaşýar. Çünki ata ýurda wepaly, il-halka ygrarly, bilim-terbiýeli ýaşlary ýetişdirmek ýaly mukaddes wezipe bilim-terbiýeçilik ulgamynyñ işgärlerine ynanylýar. Bu ynam biziñ üçin mukaddesdir hem-de mertebedir.

Öz halkynyñ abadan, agzybir hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda tutanýerli tutumlary amala aşyrýan Milli Liderimize alkyşlar aýdýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyñ täze Galkynyşly ösüşlerini rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziñ janynyñ sag, ömrüniñ uzak, işleriniñ hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Gülnar ANNAÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiñ başlygynyñ orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com