Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Buýsanja beslenen pursatlar

Taryhy mejlise gatnaşyjynyñ sözi

24-01-2023 / 5039

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyñ 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyñ Milli Geñeşiniñ hem-de ýurdumyzyñ jemgyýetçilik wekilleriniñ bilelikdäki mejlisine gatnaşmak bagty bize hem miýesser etdi. Şol taryhy mejlisde zamanamyzyñ beýik şahsyýeti – Gahryman Arkadagymyzyñ türkmen halkynyñ Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi tutuş halkymyz bilen birlikde, biz – bilim işgärlerini hem tüýs ýürekden buýsandyrdy.

Eziz Arkadagymyzyñ bitiren beýik işleri dünýä nusgalyk bolup, nesilleriñ bagtyýar geljegini hem nazarlaýar. Halkymyzyñ eşretli durmuşyny üpjün etmekde, ata Watanymyzyñ at-abraýyny we mertebesini belende götermekde ajaýyp işleri bitiren eziz Arkadagymyzyñ hormat-sarpasy biziñ her birimiziñ kalbymyzda egsilmez derejä eýedir, belentdir hem bakydyr.

Şol syýasy wakada Gahryman Arkadagymyzyñ eden çuññur mazmunly çykyşy hem hakydalarymyza ebedilik ýazyldy. Milli Liderimiz öz taryhy çykyşynda: “Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýip belledi. Munuñ özi biziñ öñümizde hem uly wezipeleri goýýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Serdarymyzyñ mukaddes ynamyny ödejek ýaşlary ýetişdirmek biziñ alyp barýan okuw-terbiýeçilik işlerimiz bilen hem gönüden-göni bagly bolup durýar. Şoña görä-de ylym-bilimli, watansöýüji, ilhalar, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde bilim ojaklarynyñ alyp barýan işlerini mundan beýläk hem diñe öñe ilerletmek möhüm şertdir.

Biz bilim-terbiýeçilik işiniñ ähli ugurlarynda hem Gahryman Arkadagymyzyñ nusgalyk-halypalyk mekdebine eýerýäris. Pähim-parasata ýugrulan sargytlaryny ýol ýörelgämiz saýyp, ajaýyp eserlerini ýakyn gollanmalarymyz hasaplaýarys. Şeýlelikde, bilimli ýollaryñ röwşen çyragy hem Gahryman Arkadagymyzyñ paýhasy bilen has-da ýagtylanýar.

Biziñ ykballarymyzy gülledip, ömrümizi nurlandyran halkynyñ Howandary, beýik özgertmeleriñ binýadyny esaslandyryjy, halkymyzyñ Arkadagy-Milli Liderimize köñüllerimiziñ alkyşy egsilmezdir.

Peder ýoluny dowamat edip, Berkarar döwletiñ täze eýýamyny barha rowaçlandyrýan Arkadagly Serdarymyza sagbolsunlarymyz, hoşallygymyz soñlanmazdyr.

Bahar AGALYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiñ esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com