Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýeňiş – ýaşlarda…

22-01-2023 / 5011

Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylymda, bilimde, sungatda, ylmy özüne siňdiren önümçilik ugurlarynda hem ýaşlaryň hünärine ussat bolmagyny gazanmak üçin gerek bolan şertler döredilýär. Şunda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly halypa-şägirt gatnaşyklarynyň geriminiň has hem giňelmegine täze esaslary döreder.

Alym Arkadagymyz özüniň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda beýik ussatlaryň, görnükli şahsyýetleriň özleriniň görelde mekdebi bolýandygy we beýiklerden sapak almagyň, olaryň tälim bermeginiň gaýtalanýan adatylykdan ýokardadygyny belläp: «Olar Ýaradanyň eradasy bilen dünýä inen döreýişdir» diýip, çykarýan netijesi bu gün örän gereklidir. Sebäbi bu ýerde ýurdumyzda her bir ýaş adam bilen iş salyşýan terbiýeçiniň, mugallymyň, ýokary derejeli hünärmeniň, döredijilik toparynyň ýolbaşçysynyň işiniň ähmiýeti we many-mazmuny açylýar. Şonuň üçin ýaşlaryň döredijilik ukybyny täze derejä çykarmak esasy wezipe hökmünde öňe sürülýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ähli ugurlarda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi döwrüň talabydyr.

Halypa-şägirt gatnaşyklary ýurdumyzda kemala gelýän hünärmenleriň ýaş nesliniň täzeçil oýlanmak, pikir ýöretmek ukybyny ösdürmelidir. Munuň üçin ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik tejribelerine ýüzlenip, olaryň bize goýup giden medeni mirasyny çuňňur öwrenmelidiris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyz üçin halkymyzyň ruhy mirasyny, däp-dessurlaryny öwrenmek, olara eýermek aýratyn wajypdyr.

Ýaş nesil täze gymmatlyklary döretmekde, ilki bilen, halkyň we adamzadyň köpasyrlyk taryhy-medeni däp-dessurlarynyň döwrüň öňe süren talaplary bilen yzygiderli baglanyşygyň esasynda kemala gelýändigine, hut şu ýerde gazanylan sazlaşygyň ösüşlerimiziň içerki iteriji güýjüni düzýändigini bilmelidir. Şol güýç, öz gezeginde milli ykdysadyýetiň häzirki ösüş ýolunyň we işewürlik ulgamynyň ygtybarlylyk derejesiniň has ýokarlanmagyna gerekli esaslary berkidýär. Ine, şonuň üçin jemgyýetiň ruhy dünýäsiniň kämilleşmeginde halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen nusgalyk ruhy-ahlak, pikir-aňyýet gymmatlyklarynyň saklanyp, täze derejelere çykarylmagy ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmeginiň wajyp şerti bolar. Ýurduň häzirki we geljekki ösüş ugurlaryny kesgitleýän syýasat hem hut milli gymmatlyklarymyza esaslanýar.

Tylla AKMURADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com