Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar – ýurduň guwanjy

20-01-2023 / 5015

Ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-isleginden ugur alnyp, täze, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän içeri we daşary syýasatda ägirt uly ösüşleri alamatlandyryp, täze öňegidişliklere, has belent sepgitlere ýol açdy. 

Ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berip gelýän halkymyz özüniň geljegini olar bilen baglanyşdyrýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir. Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýip, adalatly belleýär. Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň we döredip beren şertleriniň netijesinde watansöýüji, belent ahlakly, ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalara erk edip bilýän we täze ykdysady şertlerde işlemäge ukyply ýaşlar kemala geldi. Şeýlelikde, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» bolan 2023-nji ýyl olaryň ýiti zehinini, döredijilik başarnygyny, dürli ugurlar boýunça ukybyny doly derejede ýüze çykarmagyň özboluşly badalgasy bolar.

Ajaýyp zamanamyzda ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny bu gün bütin dünýä ykrar edýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda kararynda bellenilişi ýaly, bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa mundan beýläkki durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Şeýlelikde, üstümizdäki ýylda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşleri gazanmakda örän uly wezipeler öňde durýar.

Hojanepes ANNAGULYÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Türk­me­na­bat agrosenagat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com