Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmen instituty bilen Ermenistanyň ugurdaş uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk

18-01-2023 / 5009

16-njy ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory Diana Galoýan bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşyga EDYU-niň Daşary aragatnaşyklar bölüminiň direktory Lusina Daniýelýan we Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Anželika Musaýelýan gatnaşdy. Ilçi Aýazow ikitaraplaýyn diplomatiki gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek babatda Ilçihananyň alyp barýan umumy işleri barada gürrüň berdi. Şol bir wagtda bu duşuşygyň esasy maksadynyň Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygy bellenildi.

Rektor D.Galoýan bolsa öz gezeginde Ilçiniň EDYU gelmegine minnetdarlyk bildirdi we ýokary okuw jaýynyň işi bilen tanyşdyrdy. Bu ýokary okuw jaýynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanýandygyny belledi. Ol şol bir wagtda «Amberd» ylmy-barlag merkeziniň işi barada jikme-jik aýdyp bermek bilen, ilçini bu bilim edarasynyň işleri bilen hem tanyşdyrdy. Şeýlelikde, rektor daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny nygtady.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylandan we takyklaşdyrylandan soň, iki dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekmek kararyna gelindi.

Kemal DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com