
Kakadylan miweler, gök önümler we ir-iýmişler düzümindäki peýdaly maddalary, hatda bişirilen mahaly we uzak wagtlap saklanylan ýagdaýynda-da A, B1, B2, C, D ýaly witaminleri düýbünden ýitirenok. Tersine guradylanda düzümindäki suwuň bugaryp çykmagynyň hasabyna kişdedir kişmişiň bir gramynda saklanýan ýokumlaryň möçberi artyp, olar saglyk üçin ter görnüşdäkiden hem has peýdaly bolýar. Geliň, onda kakadylan miweleriň saglygymyza ýetirýän täsirleri bilen tanyş bolalyň:
Kişmiş– ýörite usulda kakadylan ak we gara üzümdir. Onuň düzüminde kaliý örän köpdür, şol sebäpli ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Lukmanlar «gahary basyjy» hökmünde kişmiş iýmegiň peýdalydygyny tassyklapdyrlar. Hat-da, ony gaharjaň adamlaryň iýmitine goşmagy maslahat hem beripdirler. Häzirki zaman barlaglary kişmişiň, hakykatdan hem, nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygyny görkezýär. Onda B1, B2, B5 toparlaryna degişli bolan witaminler köp saklanýar. Ol bolsa aýratyn hem nerw ulgamyna köp agram düşýän (meselem, akyl zähmeti bilen meşgullanýan) adamlara has peýdalydyr. Kişmişiň düzümindäki fosfor, magniý, demir elementleri ösüp gelýän çagalaryň we ýetginjekleriň synalaryny taplaýar.
Kişde – erik kişdesinde ýüregiň kadaly işlemegi üçin örän köp mukdarda kaliý bardyr. Bu ýürek agyrysyndan ejir çekýänler üçin iň oňat tebigy melhemdir. Şonuň üçin ol hem iýmit, hem derman bolup hyzmat edýär. Peşew çykaryjy dermanlary ulanýanlara, infarktdan soň saglygyny dikeldýän näsaglara erik kişdesini iýmek maslahat berilýär. Dowamly erik kişdesini iýýän çagalarda demir ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan ganazlyk seýrek duş gelýär.
Kakadylan injir – ýürek myşsasyny berkidýär, nerw ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Gartaşan adamlarda, köplenç ýagdaýda, gan damarlarynda ganyň goýalmagy emele gelýär. Şeýle ýagdaýlarda olara guradylan injir kömek edip biler. Injir ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklarynda, aýratyn hem, aritmiýada, demgysmada peýdalydyr. Ol peşew çykarmagyň ýeňil serişdesi bolup durýar, sowuklama garşy oňat täsir edýär. Injir içegedäki zyýanly maddalary ýok edýär. Agyr syrkawlygy geçireniňden soň, ajöze injir bilen badamy bile iýmek maslahat berilýär. Ol iýmitiň oňat özleşdirilmegine ýardam edýär. Injiri gury üsgülewükde peýdalanmak maslahat berilýär.
Eneş GURBANGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.