
Türkmen halkynyň asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy ugrunda ýylyň bütin dowamynda il-ýurt bähbitli işlere giň orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ykdysady-medeni taýdan gülledip ösdürmek bilen baglanyşykly öňde duran belent wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Ähli ulgamlarda, şol sanda, bilim ulgamynda hem alnyp barlan maksatnamalaýyn özgertmelere nazar aýlanyňda buýsanjymyz artýar.
Täze — 2023-nji ýylyň hem şeýle üstünliklere beslenjekdigine uly ynam edýäris. Ýylyň-ýylyna mynasyp at goýlup, şol şygaryň astynda beýik işleriň amala aşyrylmagy bizi diýseň buýsandyrýar. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa, ähli türkmen halkyny tolgundyrdy, begendirdi. Çünki, ýaş nesillere uly ynam bildirilýän zamanamyzda ýola goýulýan bimöçber işleriň Türkmenistan döwletimiziň hem-de türkmen halkynyň gülläp ösmegine uly itergi berjekdigi şübhesizdir.
Nesip bolsa, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” her bir aýy, güni uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslener. Ýeneki ýyllar hem täze üstünlikleri, beýik ösüşleri bilen halkymyzy begendirsin! Ynsan kalbyny buýsandyrýan döwrümizde gadamlar öňe bolup, belent üstünliklere ýetilsin! Şeýle nurana şygara beslenen 2023-nji ýylymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşli ýyl bolsun!
Serdar SAPAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Sanly dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.