
Watan goragçylarynyň güni, däp bolşy ýaly, 27-nji ýanwarda ýokary ruhubelentlik bilen garşylanýar. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň göwünlerini ganatlandyryp, buýsançly başlaryny belende göterýär. Türkmen halkynyň beýik watansöýüjilik, mertlik ýaly asylly häsiýetlerini döwrebap harby däp-dessurlar arkaly berkidýän harby gullukçylaryň wezipe borçlaryna bolan höwesini has-da artdyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň gazanýan belent üstünliklerine Milli Ýaragly Güýçlerimiziň hem-de onuň merdana harby gullukçylarynyň goşýan goşandy buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Çünki, Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün edýän Milli Goşunymyz parahatçylygyň, kepili bolup çykyş edýär. Watan goragy bilen üpjün edilýän ýurt parahatçylygy, asman asudalygy halkymyzyň döredijilikli zähmet çekip eşretli durmuşda ýaşamagy, ähli başlangyçlaryny, ýagşy umyt-arzuwlaryny amala aşyrmagy üçin ilkinji hem-de möhüm şertleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» kitabynda: «Eziz Watanymyzy howpsuzlygy ähli zatdan ileridir. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri islendik döwürde Watanymyzy gala bolup goramaga taýýarlygymyzyň kuwwatly binýady bolmalydyr. Watany goraýan gaýratly, merdana harby gullukçylar gadymy hem müdimi halkymyzyň gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamydyr» diýip jaýdar belleýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi öz borçlaryny ýerine ýetirmäge ak ýürekli hem-de ýokary jogapkärçilikli çemeleşip, ýaşlaryň harby-watançylyk ruhuny kämilleşdirmäge, ýurt abadançylygynyň esaslaryny goramaga, kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine işjeň gatnaşýarlar. Watanyň goranyş ukyplylygynyň berkidilmegi, onuň doly harby howpsuzlygynyň üpjün edilmegi – halkyň asuda ýaşaýşynyň kepili.
Watanyň gaýduwsyz goragçysy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly ýaşlara nusgalyk görelde mekdebidir. Çünki bu beýik ynsan ýaşan gysga, ýöne juda manyly ömründe Watana, halka, il-güne wepalylygyň belent nusgasyny görkezipdir. Ömrüniň manysyny ilgününe sogaply, haýyrly işleri bitirmekde, alkyş almakda gören Berdimuhamet Annaýew iliň begenen ýerinde begenip, gynanan ýerinde gynanyp, elmydama iliň aladasy bilen ýaşapdyr. Berdimuhamet Annaýewiň röwşen keşbi, şanly söweş hem-de zähmet ýoly, pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygy, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, halalhonlugy, jogapkärçiligi ýaş nesil üçin nusgalykdyr. “Älem içre at gezer” romanynda Gahryman Arkadagymyz öz beýik adamkärçilik sypatlary bilen köpleriň kalbynda orun alan atasy Berdimuhamet mugallym hakda şeýle diýýär: “… ol özüne ýagty we mübärek ýadygärlik galdyrypdyr, onuň hormata mynasyp ömri hem-de asylly işi bolsa, gürrüňsiz, ynsanyýet gymmatlygyna we ägirt uly jemgyýetçilik ähmiýetine eýedir”.
Hawa, Watany söýmek, Watanyň mukaddesligine uýmak, Watana sygynmak türkmeniň ata-baba aňyrdan gelýän gadymy hem müdimi dessury, beýik milli ynanjydyr.
Daýanç PIRGULYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.