
Tutuş dünýäde ösüşiň çäksiz belentliklerine tarap ynamly öňe barýan, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, berk binýatly, geljegi aýdyň ýurt hökmündäki mynasyp ornuny has-da berkidýän berkarar Watanymyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynda naýbaşy orunda durýar.
Ykbalyňdaky ýakymly ýatlamalaryň aglabasy ýaşlygyňda bolup geçýär. Şonuň üçin hem ýaşlyk — gözelligiň hem-de bagtyň nyşany. Ýaşlary goldamak, ýaşlygy goramak, ýaş nesillere ýakyndan hemaýat etmek bolsa halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir.
«Ýaşlar mähriban Watanymyzyň geljegidir» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky aladany ünsden düşürmeýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribeleri milli ýörelgelerimize utgaşyp, ylym-bilimde kämil derejelere ýetilýär.
Döwrüň belent ruhy joşguny bilen öňe barýan ýaşlaryň geljege bolan beýik ynamyny, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini has-da artdyran taryhy wakalaryň naýbaşysy hökmünde üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Döwlet Maslahatynyň ähmiýetini nygtamak gerek. Halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň bagtyýar hem-de abadan durmuşyna gönükdirilen beýik maksatlary öňde goýan bu taryhy maslahat uzak geljegi nazarlaýan döwletli tutumlara badalga berdi. Arkadagly Serdarymyzyň Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Dünýädäki ähli ösüşler ylym hem-de tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda döwletimizi ösdürmäge möhüm ugur hökmünde garaýarys» diýip, ylym-bilimiň özgerdiji güýçdügini tassyklamagy ýaşlary täze sepgitleri ýetmäge ruhlandyrdy. Galkynyşly günlerimizi has-da şuglalandyran Döwlet Maslahatynyň täzeçil wezipeleri ýurduň ähli ugurlar babatda diňe öňe ilerlemelerini göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň bu asylly maksatlary «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini durmuş hakykatyna öwürjek taýsyz tagallalarydyr.
Gülnur PYGAMOWA,
Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.