
Elektron sergi 1967-nji ýyldan bäri, 1995-nji ýyldan bäri bolsa diňe Las-Wegasda geçirilýär. Bu ýyl 44 ugur boýunça täzelikler hödürlendi. ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen dünýäniň iň iri tehnologiýalar sergisi bolan «CES 2023» öz işini tamamlady.
Sergide adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmäge, geljegiň tehnologik akymyny kesgitlemäge, ýaşaýşyna dürli reňkleri goşmaga mümkinçilik berjek innowasion çözgütler tanyşdyryldy. «CES 2023» sergisine «Google», «Meta», «Intel», «Lenovo», «TikTok» ýaly öňdebaryjy kompaniýalar wirtual ýagdaýda gatnaşdylar. Täzelikleriň arasynda meşhur markaly elektroulaglar, ykjam proýektor, görünmeýän nauşnikler bar. Göze gelüwli täzeliklerleriň arasynda bedeniň gurluşyna görä, sazlanýan akylly krowat, ses buýruklaryny ýerine ýetirýän aşhana krany, akylly öý tehnologiýasyna gurlan gapy we beýlekiler bar. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň:
«CES 2023» sergisinde tanyşdyrylan «BMW i Vision Dee» awtomobili hödürlenilýän önümleriň arasynda özboluşlylygy bilen has-da tapawutlanýar. Ulagyň esasy aýratynlygy öz reňkini üýtgedip bilýändigindedir. Ol 240 sany aýratyn böleklerden ybarat bolan ýörite panelleriň üsti bilen 32 reňki çalşyp bilýär.
Iri tehnologiýalar sergisinde saglyk bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň birtopary hödürlenipdir. Esasanam, gan basyşyny ölçemäge mümkinçilik berýän kiçijik enjam aýratyn tapawutlanýar.. Enjam fotopletizmografiýa datçikleriniň üsti bilen ganyň basyşyny takyk kesgitleýär.
Ýaponiýanyň iň meşhur kompaniýalarynyň biri bolan «LG» sergide aňyrsy görünýän innowasion ekranyň nusgasyny görkezdi. Telewizoryň bahasynyň 6 müň amerikan dollaryna barabar boljakdygy bellenýär. Bu telewizorda görkezilýän şekillerdäki reňkler durulygy bilen tapawutlanyp, ýagty ýerlerde hem ähli şekilleriň alamatlaryny takyk görkezmäge ukyplydyr.
«ible Airvida T1» diýlip, atlandyrylýan bu gulaklyklar hem öwrülişikli tehnologiýalara esaslanýan enjamlaryň arasynda mynasyp ornuny tapdy. Ilki bilen, gulaklyklar adama daşky sesleri düýbünden eşitdirmeýär. Kompaniýanyň täze gulaklyklary adamy gurşaýan howany arassalamaga ukyplydyr. Bu gulaklyklar 300 sany agajyň çykarýan otrisatel energiýaly 3 million ionlaryny — howany arassalaýan esasy elementi çykarmaga ukyply.
Mähri BABAHANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.