Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

10-01-2023 / 5127

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň guramagynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Daşary işler ministrliginiň, Aşgabatda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyňdyr işgärleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, institutyň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda guralan maslahatda ýylyň şygarynyň ähmiýeti, döwlet ýaşlar syýasatyny has-da işjeňleşdirmek bilen bagly çykyşlara giň orun berildi.

Çykyşlarda ýaş nesillerimiziň döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygy, olaryň röwşen geljegi ugrunda irginsiz tagallalaryň edilýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle hem geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine üns çekildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, ýaşlar syýasaty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da rowaçlanjakdygyna ynam bildirdiler. Dabaraly maslahatyň talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşmagy ýylyň şygaryna bagyşlanan çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com