Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Çagalar we Täze ýyl

25-12-2022 / 5050

Biz her Täze ýyl baýramynda metbugat we internet sahypalarynda dünýä ýurtlarynyň Täze ýyl baýramyny nähili garşylaýşy baradaky täsirli maglumatlara köp duşýarys. Emma bu ajaýyp baýramçylygy dünýä çagalarynyň nähili garşylaýandygy baradaky maglumatlara welin, seýrek duş gelýäris. Geliň, käbir ýurtlarda çagalaryň Täze ýyl baýramyny garşylaýşy bilen tanyş bolalyň!

Italiýada täze ýyl baýramy 6-njy ýanwarda bellenilýär. Şol gün çagalar öz otaglarynyň penjirelerini ýörite niýetlenen açarjyk bilen açyp goýýarlar we gyzyl reňkli joraplary asýarlar. Olar şol gijede italýanlaryň Aýazbabasy – Bobbo Nataleniň geljekdigine we öz joraplaryny sowgatdan doldurjakdygyna ynanýarlar.

***

Ýaponiýanyň çagalary Täze ýyly täze lybaslarda garşylaýarlar. Täze lybaslarda garşylamak Täze ýylda bagt we saglyk getirýär, uzak ömür sürmegi üpjün edýär diýlip hasaplanylýar. Çagajyklar ýatmazlaryndan öň ýassyklarynyň aşaklarynda bagt getirýär düşünjesi bilen ýelkenli gäminiň suratyny goýýarlar.

***

Täze ýyl baýramynda Beýik Britaniýalylar öz medeni däplerini berk berjaý edýärler. Bu baýramçylykda ýörite sahnalary taýýarlap, çagalary şatlandyrýarlar. Sebäbi olarda çagalar şol gün näçe köp şatlansa, geljek ýylda bagtly günler şonça kän bolar diýen düşünje bar.

Aýperi ZYÝARADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com