Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Togalak şara çalymdaş towşan

22-12-2022 / 5088

Angor towşany adaty towşanlardan düýbünden tapawutlanýar. Bu towşanyň tüýleri mymyjakdan ösgün bolup, 15-25 santimetre, agramy bolsa 6 kilograma çenli ýetýär.

Ony daşyndan synlanyňda, togalak şary ýatladýar. Şeýle görnüşdäki towşanlary XVIII asyrda ilkinji gezek fransuz deňizçileri Ýewropa getirýärler. Olary owadanlyk üçin ýörite köpeldýärler. Şol döwürlerde angor towşanlary patyşalaryň öý haýwanlarynyň arasynda aýratyn gowy görlüpdir. Sebäbi olaryň häsiýetlerinde ýumşaklyk, mylaýymlyk bar. Gülkünç hereketleri bilen görenleri özüne çekýärler. Bu towşanlar bökmegi, adamlar bilen oýnamagy diýseň halaýarlar. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, olaryň tüýleriniň ösgündigi sebäpli her aýda gyrkyp durmaly bolýar.

Angor towşanlarynyň reňklerine, tüýleriniň mymyklygyna, ululy-kiçiligine görä, atlas, gigant, ak sütükli ýaly görnüşleri bolýar. Bu towşanlar 5-7 ýyla çenli ýaşaýarlar.

Dilnara NOWRUZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 211-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com