Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Dünýäde iň meşhur markalar

22-12-2022 / 5107

“Louis Vuitton” egin-eşik markasynyň ady aýda 11.1 million gezek gözlenipdir. Gözlegiň netijeleri markanyň web sahypasynda çap edildi.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň, ulanyjylaryň gyzyklanmalaryny öwrenmegiň möhletini kesgitlemezden, 195 ýurtdan gelen ulanyjylaryň Google-daky gözleg soraglaryny seljerendigi mälimdir. Şweýsariýa, Irlandiýa, Monako we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly 81 ýurtda fransuz moda öýi bolan “Louis Vuitton” -yň birinji orunda durandygy mälim boldy.

Reýtingde ikinji orny “Lamborghini” awtoulag markasy eýeledi. Üçünji orunda dünýäniň 23 ýurdunda iň köp isleg bildirýän awtoulag markasy bolan “Mersedes Benz” markasy mynasyp görüldi.

Maglumatlara görä, “Michael Kors”, “Loewe”, “Gucci”, ‘Balenciaga”, “Porsche”, “Chanel”, “Dior”, ” Ralph Lauren”, “Tory Burch”, “Bugatti”, “Diesel”, “Hugo Boss”, “Kenzo”, “Maserati” “Pierre Cardin” ýaly egin-eşiklerdir esbaplar birnäçe meşhur ýyldyzlar tarapyndan gowy görülip iň köp isleg bildirilýän harytlaryň birine öwrülýär.

Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com