Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderSyýahatçylyk

2300 ýyllyk bürünç heýkelleri tapyldy

16-12-2022 / 5083

«ANSA» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Italiýanyň Toskana şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde 2300 ýyllyk Rim imperiýasyna degişli bolan 24 sany bürünç heýkel tapyldy.

Gazuw-agtaryş bölüminiň başlygy, Siena uniwersitetiniň arheology Opakopo Tabolli: «Dünýäniň dürli künjeklerinden 60-dan gowrak hünärmeniň taryhy täzeden ýazyp biljek açyşy» diýip, belläp geçdi.

Italiýanyň Medeniýet ministri Gennaro Sangiuliano bolsa muny Italiýanyň ägirt we täsin hazynalaryň ýurdudygyny tassyklaýan adatdan daşary açyşdygyny nygtady. Italiýanyň metbugatynda bu açyşyň, ýurduň günortasyndaky Kalabria sebitinde 1972-nji ýylda tapylan 2300 ýyllyk möhüm medeni baýlykdygy aýratyn bellenildi.

Zöhregül TAGANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com