Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Awazada birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi

14-12-2022 / 5048

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti ýokary derejede geçirildi, diýip, «Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berildi.

Ilki bilen, bu ýerde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň dar düzümdäki duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak we üç döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.

Soňra duşuşyk giňeldilen düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz üçtaraplaýyn duşuşyga başlyklyk etmek bilen, onda çuň many-mazmunly çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Öz nobatynda, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlary hem möhüm teklipleridir başlangyçlary bilen çykyş etdiler.

Giňeldilen düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com