Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasy döredildi

12-12-2022 / 5049

Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasy Ýewraziýa ÝUNESKO-syny esaslandyrmak başlangyjyny öňe sürdi.

Assambleýa, ilkinji nobatda, medeni hem-de tebigy gymmatlyklary hasaba almak bilen meşgullanar. Baş sekretar Andreý Belýaninowyň bellemegine görä, bu başlangyç Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça Konwensiýanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen öňe sürüler.

Şu ýylyň 5-8-nji dekabry aralygynda Kazanda Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça Konwensiýanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi. Bu foruma bütindünýä mirasy boýunça öňdebaryjy daşary ýurtly bilermenler, şeýle-de, bütindünýä mirasynyň ýadygärliklerini dolandyrýan ylmy jemgyýetçilikleriň wekilleri, medeniýet, daşky gurşaw, bilim ulgamlary boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasynyň esasy maksady köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we jemgyýetçilik diplomatiýasyny ösdürmek arkaly parahatçylygy we ylalaşygy ýola goýmak üçin sosial integrasiýa modeliniň emele getirmekden ybaratdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com