
10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen “Türkmenistan — parahatçylygyň Watany” atly foto bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web-saýtynda habar berildi.
Bäsleşik I we II dereje boýunça geçirilip, I derejä žurnalistika hünärinde okaýan talyplar, II derejä başga hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, 1-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Selbinyýaz Goçmyradowa, 2-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Gurbanjemal Egirjäýewa hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Merjen Alimowa, 3-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Mahym Annadurdyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Maýa Arazdurdyýewa we Laçyn Mämmetsöýünowa şeýle-de Ogulmaýsa Baýramowa höweslendiriji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň II derejesi boýunça 1-nji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Çemen Myratjanowa, 2-nji orna Döwletmämmet Azady adynday Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyby Ilham Adyşow hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Bezirgen Arazmyradow, 3-nji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň inustitutynyň talyby Kerwenmyrat Halmyradow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gynna Atdaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba-hojalyk uniwersitetiniň talyby Hojanyýaz Hanmämmedow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Süleýman Allakulyýew höweslendiriji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara höweslendiriji baýraklar berildi.