Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

“Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat

12-12-2022 / 5100

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” atly maslahatyň geçirilmegi dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolan Türkmenistanyň diňe bir ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk çäreleri amala aşyrýandygyny-da görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň düzümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata abraýly halkara we sebitara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, halkara bilermenler çagyryldy.

Foruma gatnaşyjylar bu gezekki maslahata we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de pursatdan peýdalanyp, tutuş türkmen halkyny giň gerimli baýramçylyk bilen gutladylar. Çykyşlarda we halkara guramalaryň, BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahata iberen wideoýüzlenmelerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de köptaraply häsiýete eýedigi nygtaldy.

Plenar mejlis tamamlanandan soň, günüň ikinji ýarymynda, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat mowzuklaýyn mejlisleriň üçüsiniň çäklerinde dowam etdi. Ýörite mejlisleriň işleriniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com