Ýokançlardan goranalyň!
1-nji dekabr - AIDS-e garşy bütindünýä göreş güni
29-11-2022 / 5031
Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek we goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak boýunça örän uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň gurşawynda ýokanç kesellere garşy sanjymlar yzygiderli geçirilýär. Şol bir wagtda ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç sowuklama keselini bejermek we onuň öňini almak işleri döwrebap usullar bilen alnyp barylýar.
Ýiti sowuklamam keselinden goranmak üçin öý we edara jaýlarynyň howasyny çalşyp durmak, ýelejiretmek zerur bolup durýar. Açyk howada wiruslaryň juda durnuksyz bolýandygy sebäpli, jaýlaryň howasyny tämiz saklap, olaryň howada toplanmagynyň öňüni alyp bolýar. Uzak wagtlap sowuk ýerde bolanda, kesele garşy durnuklylygyň peselmegi sebäpli, adamyň bedeni ýiti sowuklma keseliniň wiruslaryna duýgur bolýar. Şol sebäpli otaglar şemalladylanda şemalyň öňünde durmaly däldir. Otaglarda çalt-çaltdan çygly arassalaýyş geçirip durmaly. eger-de size kesel ýokuşan bolsa, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan saklanyň. Köpräk miwe we bakja önümlerini iýmitiňize goşuň. Wiruslaryň zäherliniň bedenden çalt çykarylmagy üçin derlediji ýokumly sowuklary içmeli. Olaryň düzümine witaminler, esasan hem witamin С baý narpyzly, ary bally we limonly çaý, towuk çorbasy, sarymsakly unaş girýär. Näsagyň bolýan otagyny şemalladyp durmaly. Näsagyň gap-çanaklary aýratyn bolmaly we olaryň gaýnag suw bilen çaýkalmagyny üpjün etmeli.
Ýene-de bir ýokançlaryň biri AIW ýokanjydyr. Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji dekabrynda AIDS-e garşy bütindünýä göreş güni bellenilip geçilýär. Keseli dörediji wirus Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan tassyklanan AIW (adamyň immun ýetmezçiliginiň wirusy) diýlip atlandyrylýar. AIW-ýokanjy adamyň immunitetiniň özboluşly zeperlenmegi netijesinde immun ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy bilen döreýär. Wirus adam bedeniniň ähli biologiki suwuklyklarynda bolýar.
Entek kesel ýaýbaňlanyp başlamanka, agyr ýagdaýlar ýüze çykmanka wirusyň ýokuşandygyny anyklamak başardýar. Ýagny AIW ýokanjynyň ýokuşandygyny güman etmäge esas berýän ýagdaýlar hapa şprisiň, päkiniň, dyrnak taraşlaýjy gurallaryň, diş şotkasynyň şärikdeşlikde ulanylmagy, tene iňňe sanjylyp, surat çekilmegi, halka dakmak maksady bilen gulaklaryň, burnuň deşilmegi, öý şertlerinde dişleriň sogrulmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykanda ganyň barlagyny geçirmek üçin lukmanana ýüz tutmak hökmanydyr.
Şonuň bilen baglylykda, ilatymyzyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň çäklerini AIW-ýokanjyndan gorap saklamak, Watanymyzyň öňünde durýan mukaddes borjumyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa AIW-ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleri geçirmekligi dowam etdirýäris.
Hormatly adamlar, öz saglygyňyza paýhasly çemeleşiň, maşgala lukmanlaryna wagtynda ýüz tutuň!
Owadan ÝAGŞYMYRADOWA,
Farap etrap hassahanasynyň ýokanç keseller lukmany.