Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Tehniki pikiriň ýadygärligi

26-11-2022 / 5027

«Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyna Türkmenistanyň çäginde ilkinji gurlan, iň uly we häzirki wagta çenli işjeň ýagdaýda saklanyp galan Hindiguş suw elektrik stansiýasy hem goşuldy. Başdaky kuwwatyny ýitirmän işläp duran bu goja desga indi taryhy ýadygärlik derejesine eýe boldy.

Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Murgap derýasynyň ugrunda gurlan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy barada gürrüň edip, ony «tehniki pikiriň ýadygärligi» diýip atlandyrdy. Türkmenistanda pudagyň ösüş taryhynyň gözbaşynda duran desgany energetika stansiýalarymyzyň şu günki derejesine buýsanç döretmek üçin institutyň talyplaryna-da görkezmegiň gerekdigini nygtady.

Pudagyň ilkinji desgasy hasaplanýan bu stansiýanyň gurluşygy 1909-njy ýylda başlanyp, 1913-nji ýylda ol doly işe girizilipdir. Stansiýa bu ýerden 40 kilometr çemesi uzaklykda, Baýramaly şäherinde ýerleşen patyşa mülküne, şeýle-de ol ýerdäki pagta arassalaýjy zawoda we ýag kombinatyna elektrik toguny bermek maksady bilen bina edilipdir. Murgap derýasynyň Hindiguş bendinden inýän suwuň güýjünden öndürilen energiýa öň ulanylyp ýörlen bug we nebit dwigatellerini çalyşmaga mümkinçilik beripdir.

Öz döwründe tutuş Russiýa imperiýasynyň çäginde iň kuwwatly hasaplanan bu desgada Wengriýanyň «Ganz» firmasy tarapyndan öndürilen, her biriniň kuwwaty 0,4 MWt bolan 3 sany gidroturbina oturdylan. 1980-nji ýylda geçirilen ýeňil bejergini hasap etmeseň, bu agregatlar ulanyşa goýberilen gününden bäri kadaly işleýär. 1909-njy ýylda gurluşygy tamamlanan maşyn zaly, şeýle-de 1895-nji ýylda galdyrylan Hindiguş bendiniň özi-de şu günlere çenli başky durkuny ýitirmän saklap gelýär. 110 ýyl bäri ulanyşda durýan agregatlaryň, üstünden asyr geçen agaç şkaflaryň, stollaryň, demir oturgyçlaryň we gaýry mebelleriň arassalygy, abatlygy, ýere düşelen owadan kafelleriň lowurdap durmagy bu ýere gelenleri haýran galdyrýar. Stansiýanyň agregatlary bilen bile getirilen dürli ölçegdäki we görnüşdäki açarlardyr gurallar, tehniki edebiýatlar hem edil muzeý eksponatlary ýaly aýawly saklanýar.

Annagözel REPOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com