Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Goşgudan galan gyýkyndylar

24-11-2022 / 5160

Dilegem gyzyl ýüzüňi soldurýar.

Emzik emendirmezlik üçin berlenok.

Başyna giden öz başyny iýip gitse ýagşy.

Ýasly öýde ýakym bolmaz.

Goýmaga ýer tapmaýan zadyny iýmäge zat tapmaýanyň öýünde goýanok.

Müň eneke bir enäň ýerini tutanok.

Enäň güýji — mährinde.

Başga duşmanyň bolmasa, babadaşyň duşmanlary bilen gidişibermeli.

Keýpiň ýok wagty hiç kimi görmeseň, hem hiç kime görünmeseň gowy.

Almaly wagtyň dynç almasaň, baky dynç almaly wagtyňy golaýlaşdyrarsyň.

Nyşana almak üçin ýeke göz ýeterlik.

Rysgalam guşuň göterilişi ýaly göterilýär.

Ölçegiň bolmasa, göz çaky bilen ölçemeli.

Ütülip goýlan guşy tutýan — akmak.

Oňat eseri okap çykaňsoň, eliňe galam almaga ýaýdanýarmyň?

Güýz gyşyň golaýlaşyp gelýänligi üçin gussa batyrýan bolaýmasyn.

Dünýä garranok, garradýar.

Kyn pursatda ata-babaňa sygynmaly.

Gyz-gelinler bilen baglanyşykly söýgä “yşk” diýmeli.

Gürrüňi gürrüň açar.

Dileg eklemez, bilek eklär.

Atajan ANNABERDIÝEW.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com