Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirliklerine gitdi

22-11-2022 / 5087

21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi, diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda giňeldilen hem-de ikiçäk düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleri geçiriler. Ýokary derejeli duşuşyklar tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy. Bu bolsa döwletara gatnaşyklarda ozal hereket edýän ylalaşyklaryň 60-dan gowragynyň üstüni ýetirdi. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň beýleki resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com