Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Hünärli ýigit – miweli agaç

22-11-2022 / 5140

Hünärli bolmak, hünär öwrenmek uly baýlyk hem bagtdyr. Hünärli adam miweli daragt mysalydyr. Munuň üçin  çagalara  ýaşlykdan  zähmet  çekmeklige  höwes döretmekligik zerurdyr.

Zähmet terbiýesini bermek ilkinji nobatda, ene-atanyň borjudyr. Munuň özi çaganyň kämilleşmegine, durmuşda her bir işe yhlasly we döredijilikli çemeleşmegine ýardam edýär.

Her bir ene-ata öý-hojalyk  işlerininde öz çagasyna halypalyk etmegi başarmalydyr. Dürli öý gurallaryny ulanmagy öwretmeli, hat-da hojalyga gerek bolan serişdeleri ýasamaga höwes döretmeli. Oba ýerlerinde mal saklamagyň oňa ideg etmegiň usullaryny, ähmiýetini düşündirmeli. Bu bolsa ýaşlarda durmuşa bolan oňyn garaýyşy we höwesi artdyrmaga, başlan işine yhlasly ýapyşmaga, durmuşyň gadyryny bilip ýaşamaga itergi berýär. 

„Ýigide  müň  dürli  hünär hem azdyr“, „Hünärli ýigit – miweli agaç“ diýlişi ýaly,  hünärli adama  hemişe  hormat goýulýar. Ýaşlykda gerekli  hünärleri öwrenmek durmuşda örän peýdalydyr. Biz muňa gündelik durmuşymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris.  

Bägül KULUŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com