Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderSyýahatçylyk

BAE-niň iň gymmat myhmanhanalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi saparyna

21-11-2022 / 5087

Atlantis The Palm“  Dubaý

Bu ajaýyp 5 ýyldyzly myhmanhana Dubaýyň emeli Palma adasynda ýerleşýär. Bu ýer kenaryň gözel görnüşinden lezzetli dynç almak üçin  oňaýly ýerdir. Myhmanhananyň 3 sany ak çägeli aýry plýažlary we onuň içinde daýwing merkezi hem-de Ýakyn Gündogaryň iň uly akwaparky  bar. 2008- nji ýylda açylan bu myhmanhananyň gurluşygyna 1,5 mlrd amerikan dollary sarp edildi.

“Burj Al Arab“ Dubaý

“Dubaý“ diýlende – “Burj Al Arab“ myhmanhanasy göz öňüňe gelýär.  1999-nji ýylda gurlan 7 ýyldyzly bu myhmanhana 650 mln amerikan dollary sarp edildi. Burj Al Arab dünýäniň iň beýik myhmanhanalarynyň biri hasaplanýar. Ol Dubaýyň nyşany bolup, özüniň üýtgeşik gurluşygy bilen tapawutlanýar.

“Emirates Palace“  Abu-Dabi

Özüniň owadanlygy bilen görenlerde täsir galdyrýan “Emirates Palace“  myhmanhanasy BAE-niň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýär. Töweregi 85 gektar baglyk bilen gurşalan bu myhmanhana 302 otagdan, 92 lýuks otagdan, beýikligi 80 metr bolan 114 sany gümmezden ybaratdyr. Myhmanhananyň uzynlygy bolsa 1 kilometre barabar. 2005-nji ýylda gurlan, 5 ýyldyzly bu myhmanhananyň gurluşygyna 6 mlrd amerikan dollary sarp edildi.

Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com