Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

El degirmeni

17-11-2022 / 5133

El degirmeni halkymyzyň gadymy senetleriniň  biridir. Gazuw-agtaryş işleriniň  netijesinde  biziň  eýýamymyzyň  II-III  asyrlaryna  degişli  bolan  ýadygärliklerden el  degirmeniniň  daşlary tapylypdyr.

Degirmen  üçin has berk daşlar saýlanypdyr. Saýlanan daşlar  ýonulyp, tekiz  ýylmanypdyr. Soňra un  gowy  üweler ýaly, daşlaryň  ýüzi ýörite ýasalan  polat  çekiç  ýa-da  toýundan  guýlan  köne  ýerdemir bilen  urlup, büdür-südür edilip diş çykarylypdyr. Bu  işe  «dişemek» diýlipdir. Degirmeniň aşaky we  üstki  daşlaryna  «paý» diýlipdir. Käbir  ýerlerde üstki paýa «üstünlik», aşaky paýyna «astynlyk» hem diýlipdir.

Degirmen  daşlarynyň aşaky paýynyň  ortasyndan  deşik edilip, ondan   togalak  agaç  geçirilipdir. Oňa  «topagaç» diýlipdir. Degirmeniň  ýokarky  daşynyň  ortasyndan bugdaý  guýmak üçin  deşik  edilipdir. Oňa «dol» diýlipdir. Şol  doluň  içinde bolsa  keseligine ortasy  deşik  agaç  goýlupdyr, ol agaja «pilek», kä ýerlerde  «jykyryk» diýlipdir.  Jykyryk dänäni kadaly guýmak üçin  ulanylypdyr. 

Aşaky  daşyň  deşigindäki  topagajyň içinden  ýylgyn  ýaly  sagdyn  berk  agaçdan edilen inçe, süýnmek  agaç  geçirilip, jykyrygyň  ortasyndaky  deşige  geýdirilipdir. Ol agajyň görnüşiniň  süýnmekligi üçin, oňa «süýbek» diýipdirler.  Ýokarky  degirmen  daşy  hem  jykyryk  arkaly  şol  süýbegiň  daşyndan aýlanypdyr.

Üstki  daşyň  gyrasyndan  kiçiräk  deşijekler  deşilipdir. Oňa  «gürlük» diýlipdir.  Gürlüge  iki metr çemesi uzynlykdaky,  ujy çiş  we demir  halka  geýdirilen, piliň sapyna  meňzeş agaç  geýdirilipdir. Ol agaja  «gurmagaç» diýlipdir.  Gurmagaç  bilen  degirmen daşyny  aýlapdyrlar. Gurmagajyň ýokarky ujuna  ýüp baglanyp,  üç tarapa berk çekilip, oýüň tärimine  ýa-da  tamyň  diwarlaryna kakylan  ýogyn çüýlere  saralypdyr.  Ol  ýüplere «serbent», kä ýerlerde bolsa «germewaç» diýlipdir.  Serbent gurmagajy aşak  basyp, degirmeniň üstki daşyna  agram  salypdyr. Un üwelende degirmene gysymlap bugdaý guýupdyrlar. Gurmagajy el bilen aýlap, gallany una öwrüpdirler. Şol sebäpli-de oňa el degirmeni diýlipdir.

Şeýlelikde, el we suw degirmenleri uzak asyrlap ynsan durmuşynda uly orun tutupdyr. Indi olar milli gymmatlyklarymyz hökmünde ýurdumyzyň muzeýlerinde goralyp saklanýar.

Bägül ÖWEZMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Dokma önümçiligi hünäriniň 217-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com