Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — Watan mertebesi

08-11-2022 / 5090

Tutuş dünýäde ösüşiň çäksiz belentliklerine tarap ynamly öňe barýan, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, berk binýatly, geljegi aýdyň ýurt hökmündäki mynasyp ornuny has-da berkidýän berkarar Watanymyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynda naýbaşy orunda durýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna ýüzlenip: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip, aýratyn nygtamagy şeýle mizemez hakykaty nobatdaky gezek tassyklady.

Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar guramasynyň öňünde goýan möhüm wezipelerine abraý bilen hötde gelmegiň oňyn netijeleri ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda, pederlerimiziň kämillik mekdebini geçen belent ahlak ýörelgelerimize, zähmet däplerimize laýyklykda terbiýelemek, olaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak babatdaky tagallalarda mynasyp beýanyny tapar. Türkmen topragynda dowamat-dowam tapýan giň gerimli özgertmeleriň, ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginde ýaş nesilleriň mynasyp ornuny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işler hem munuň özboluşly subutnamasyna öwrüler. Ýaşlaryň köpugurly tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, höweslendirmekde, olaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamakda, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, dünýä dillerini düýpli öwrenmäge, edebiýata, sungata höwesli şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakda ýetiljek sepgitler hem guramanyň öňünde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmäge mümkinçilik berer. Arkadagly Serdarymyz tarapyndan kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halallyga, maşgala gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, bu ruhy gymmatlyklary ykbal ýörelgesine öwren nesilleri terbiýelemäge şert döreder.

Mukam BATYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com