Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarKanunçylykSlider

Türkmen-russiýa parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Russiýa Federasiýasyna sapary dowam edýär.

02-11-2022 / 5024
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam etmelidir.

 

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama Gahryman Arkadagymyz we Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy gol çekdiler. Şeýle-de  Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda ştab-kwartirasy ýerleşýän “Aşgabat görnüşiniň” Sekretariatyny döretmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.
Çeşme: TDH

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com