Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Taryhy teleserial surata düşüriler

31-10-2022 / 5032

Gazagystan Respublikasynyň Maglumat we jemgyýetçilik ösüşi ministrliginiň metbugat gullugy özbek hem-de gazak kinorežissýorlarynyň bileleşip, «Gorkut ata» atly taryhy teleserialy surata düşürilip başlandygy barada habar berdi.

Häzirki wagtda bu taryhy eser «Gazagystan» telekorporasiýasy we Özbegistanyň «Kinematografiýa agentligi» -niň bilelikde işlemekliginde surata düşürilýär. Bu teleserial dört bölümden ybarat bolar. Gorkut ata – türki halklaryň X asyrda ýaşap geçen şahyry we sazandasydyr. Ol gopyz saz guralyny dörediji, bagşy, rawy, şahyrlaryň we sazandalaryň howandary hasaplanýar.

Bahar ANNAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com