
Türkmenistan tebigy gymmatlyklary, gadymy taryhy, baý medeniýeti, özüne mahsus bolan milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan kuwwatly döwletdir. Kuýaş nuruny eçilýän eşret mekany bu gün dünýä derejeli iň döwrebap energiýa desgalary bolan elektrik stansiýalary bilen jahany haýran edýär. Kuýaş diýmek ýagtylyk diýmekdir. Ýagtylyk söýgi, mähir parahat zeminiň göwher täjidir.
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Häzirki döwürde adamzadyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda, ylmy ösüşler giňden ýardam berýär. Enjamlaryň we tehnologiki prosesleriň energiýany tygşytlaýjy görnüşleriniň döredilmegi we elektrik energiýasyny öndürmegiň häzirki zaman usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy bolsa, ylmy esasda gazanylan üstünliklerdir. Häzirki wagtda adaty energiýa çeşmeleri adamzadyň energiýa zerurlygynyň kesgitli bölegini üpjün edip bilýär. Şonuň üçin hem energiýa zerurlygyny doly kanagatlandyrmak üçin energiýanyň adaty däl we gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri wajyp orny eýeleýär.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň biri-de ýel energiýasydyr. Ýel energiýasy — bu Gün şöhlelenmesiniň özgerdilen energiýasy bolup, Gün nuruny saçyp dursa, onda ýel hem öwser. Şeýlelikde, ýel — bu hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesidir. Ýel energetikasy kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen energetikanyň doly durmuşa ornaşdyrylan ugurlarynyň biridir. Ýel desgalarynyň taslamasy ýerine ýetirilende, esasy şertleriň biri — bu olary ýeliň weýrançylyk häsiýetli görnüşlerinden goragyny üpjün etmekdir. Ýel ýüki ýel tizliginiň kwadratyna proporsionaldyr, 50 ýyldan bir gezek bolsa, ortaça tizlikden 5… 10 esse ýokary tizlikli ýellere gabat gelmek bolýar, şonuň üçin hem ýel desgalarynyň taslamalary artykmaç ygtybarlylygy bilen ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýel tizligi wagta baglylykda üýtgeýär, bu bolsa ýadawlygyň netijesindäki hatardan çykmalary ýüze çykarýar, perler üçin üýtgeýän grawitasiýa (özara dartyşma) ýükleri mahsusdyr. Ýelleriň emele gelmeginiň sebäbi, Ýeriň atmosfera gatlagynyň Gün şöhlelenmesiniň siňdirilmegi netijesinde howa giňelýär we konwektiw akymy emele getirýär. Bu termiki hadysalara Ýeriň aýlanmasy hem täsir edip, ýeliň hereket ugry kemala gelýär. Bu umumy ýa-da sinoptiki kanunalaýyklyklardan başga, bu proseslerde köp häsiýetlendirijiler kesgitli geografiki ýa-da daşky gurşawyň faktorlary bilen .şertlendirilen ýerli aýratynlyklar bilen kesgitlenilýär. Ýelleriň tizligi beýiklige görä artýar.
Hojamberdi WELMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.