
Käbir adamlar gowy filmleriň ählisiniň eýýäm surata düşürilendigini aýdýarlar. Ýöne premýeralara üns berseňiz, örän gyzykly, animasiýa filmleri tapyp bilersiňiz.
«Jadylanan şa gyzy-2». Bu filmiň ilkinji bölümi 2007-nji ýylyň oktýabrynda we halk köpçüligine ýetirilipdi. Hat-da kino söýüjiler tarapyndan mähirli garşylandy. Bu film şazada Gizeliň durmuş ýoly hakyndadyr. Filmiň 2-nji bölümine şu ýylyň noýabrynda tomaşa edip bilersiňiz.
«Geň dünýä». Bu multfilm, fantastiki jandarlaryň ýaşaýan topragyny öwrenmek üçin bir syýahatdyr. Multifilmde olaryň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berilýär. Filmiň fragmentlerinden görnüşi ýaly, maşgala dawalary öňde durýan meseleleriň biri bolup durýar. Multifilme şu ýylyň noýabrynda tomaşa edip bilersiňiz.
«Awatar: Suw ýoly». Birinji bölümi bilen «Awatar» 2009-njy ýylda üstünlikli çykyş edipdi. 13 ýyl geçenden soň Jeýms Kameron, Jeýk Sally we keseki söýgülisi Neýtiri hakdaky wakalar dowam edýär. Sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu filmiňize 2022-nji ýylyň dekabr aýynda tomaşa edip bilersiňiz.
«Rozalin». Romeo we Julietiň hekaýasy ählimize mälim bolsa gerek. Ýöne Romeo Juliet bilen duşuşmazdan ozal, şol wagt Rozalina aşyk bolupdy. Bu gezekki film hut şu waka – ýagny meşhur jübütlere bagyşlanýar. Filme ýakyn günlerde tomaşa edip bilersiňiz.
«Çarşenbe». Bu bölüm, Addams maşgalasynyň doglan güni bolan çarşenbe gününe bagyşlanýar. 1991-nji ýylda Addams maşgalasy çykanda tomaşaçylar bu üýtgeşik maşgala bilen tanyşypdylar. Indi bolsa adaty mekdepde, soňra bolsa akademiýadaky beýleki ýetginjekler bilen gatnaşygyna tomaşa edip bilersiňiz. Bu filme hem ýakyn günlerde tomaşa edip bilersiňiz.
«Haýwanlar şäheri». Ýadyňyzda bolsa, 2016-njy ýylda «Haýwanlar şäheri» multfilmi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Hat-da, Judy Hopps we ýumşak tilki Nik Waýldyň başdan geçirmelerine uly lezzet bilen tomaşa edipdik . Indi bolsa şol meşhur mutiflmiň dowamyny tomaşa etmäge taýýarsyňyzmy? Uly şatlyk bilen garaşýan multifilmiňize noýabr aýynda tomaşa edip bilersiňiz.
«Kakamyň aždarhasy». Tom Mur kino muşdaklarynyň arasynda örän zehinli animator hökmünde tanalýar. Onuň ähli eserleri jadygöýlik bilen bagly diýen ýaly. Şonuň üçin animator söýüjiler täze multfilme sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu ýerdäki wakalar aždarhany tapan we täsin Wildabany atly adany halas etmek üçin başdan geçirmä başlaýan ýönekeý oglan Elmeriň hekaýasyny öz içine alýar. Multifilm 2022-nji ýylyň noýabr aýynda çykarylar.
«Menýu». Relph Fiennes, Anýa Teýlor-Joý we Nikolas Holt ýaly gahrymanlar bu filmde uly rol oýnaýarlar. Dildüwşüge görä, ýaş jübüt meşhur aşpez bilen agşamlyk naharyny edinmek üçin bir ada gidýärler. Göräýmäge hemme zat gowy ýalydy, ýöne ähli zatlaryň beýle bir ýönekeý däldigi äşgärdi. Filmiň dowamyndaky wakalary bilmek isleseňiz, şu ýylyň ýylyň noýabr aýynda jikme-jikleri bilen tomaşa edip bilersiňiz.
«Willow». Fantaziýa muşdaklary 2022-nji ýylyň noýabr aýynda görkeziljek Willowa sabyrsyzlyk bilen garaşýan bolsa gerek. Filmde kiçigöwünli daýhan we ýaş jadygöý Willowyň daş-töweregindäki bolup geçýän wakalar beýan edilýär.
Habarlary ýetirmek bizden, tomaşa etmek sizden!
Şirin JURAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.