Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Jodi Komer dünýäniň iň owadan zenany boldy

19-10-2022 / 5123

Plastiki hirurg dünýäniň iň owadan zenanynyň adyny mälim etdi. Ol “Ýewany öldürip” teleserialynda oýnan aktrisa Jodi Komer boldy. Bu barada ITV habar berýär diýip, www.unian.net belleýär.

Londondan lukman Julian De Silwa gözleg işini geçirdi we onuň esasynda iň owadan adamy kesgitlemek bolýar. Munuň üçin “altyn kesişme” düzgünine ýüzlenmek ýeterlikdir. Onuň düýp mazmuny ýüzüň ýa-da bedeniň 1,618 san bilen gatnaşygy näçe ýakyn boldugyça, adamyň şonça-da owadan bolmagynda jemlenýär.
Netijede, britaniýaly aktrisa Jodi Komeriň daş keşbi ideala 94,52% ýakyn boldy.

Dünýäniň iň owadan zenanlarynyň reýtinginde birinji orny eýelän Komerden başga-da, lukman beýleki meşhur adamlary-da synagdan geçirdi.
Şeýlelikde, ikinji orny 94,37%  aktrisa Zendeýa eýeledi, üçünji 94,35% bilen supermodel Bella Hadid boldy. Olaryň yzyndan aktrisa Ember Herd (91,85%), aýdymçy Ariana Grande (91,81%) we pop ýerine ýetiriji Teýlor Swift (91,64%) gelýär.

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com