Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» eseriniň XIV jildi neşir edildi

10-10-2022 / 5215

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllyk ylmy-ensiklopedik işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseriniň XIV jildi çapdan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Kitabyň täze jildinde hem sahawatly topragymyzda ösýän 118 sany dermanlyk ösümlikleri barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Alym Arkadagymyz kitabynyň girişinde türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny belleýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikirini öňe sürýär.

Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV jildiniň çapdan çykmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ulgamyň işgärleri üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Gowşut NURMURADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com