
Attar — dürli ot-çöplerden dürli däri dermanlary we ysly atyrlary ýasaýan.
Äheňger — demirçi ussa (çokrak)
Koýmat — goýun çopan
Kätip — haty göçürýän.
Mirap — uly ýaplarda suw paýlaýan.
Nakgaş — surat çekýän, nagyş bilen bezeýän.
Nilgär — boýag ýasaýan.
Jarçy — toýa we ş.m. çagyrýan.
Harrat — agaç ussasy.
Hatdat — haty owadan edip ýazýan.
Padyman — sygyr çopany.
Rawylar — erteki gürrüň berýän.
Sertaraş dellek — saç bejerýän.
Segban — it bakýan.
Sarwan — düýe çopany.
Taraşman — pagsa jaýlaryň ussasy.
Taraçy — mata dokaýan.
Küýzegär — küýze ussasy.
Ýonaçy — atyň eýer-esbabynyň ussasy.
Ýylkyban — at çopany.
Çekene çopan — iliň malyny bakýan.
Kepban — bazarlarda terezilere gözegçi.
Aganazar ARNADURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.