
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem ýokarlanmagynyň netijesinde ýollarymyzda hususy we döwlet eýeçiligine degişli bolan dürli kysymly ulaglaryň hereketi gitdigiçe artýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň ýollarynda ýüze çykýan ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly işler amala aşyrylýar.
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtoulaglaryň, motosikilleriň we beýleki tehnikalaryň alnyp berilmegi ýol hereketiniň howpsuzlygy babatynda ep-esli öňe gidilmegine getirdi. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzyň şaýollarynda we köçelerinde wideogözegçilik enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, öýjükli, ýagny wagty görkezýän ýolyşyklaryň goýulmagy, sowma ýollaryň gurulmagy ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygyna gözegçilik etmek işini tehniki taýdan has kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Soňky dört-bäş ýylyň dowamynda köçelerde we şaýollarda ýerasty geçelgeleriniň ençemesi guruldy. Bu geçelgeler ýolagçylaryň ýollardan howpsuz geçmegine ýardam berýär.
Aslynda ýol hereketiniň sazlaşygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durmagy tötänden däl. Çünki munuň özi, ozaly bilen, raýatyň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamaga, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.
Köçe ýol hereketine gatnaşýanlaryň hemmesiniň ünsli, seresaply bolmagy örän wajypdyr. Bu ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Şol sebäpli, raýatlaryň jan saglygyny goramak, awtoulaglaryň abatlygyny saklamak bilen bagly meselelerde her bir sürüjini we herekete gatnaşyjyny hemişe ünsli we seresaply bolmaga çagyrýarys.
Myrat BERDIMYRADOW,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.