Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Näme üçin çepden-saga?

02-10-2022 / 5026

Näme üçin sagadyň dilleri çepden-saga aýlanýanlygy barada pikirlenenimizde, onuň çepden-saga ýazýanlygymyz bilen baglanyşyklydygyny göz öňüne tutmagymyz mümkin. Emma käbir ýurtlaryň medeniýetinde dürlüçe tertipde hem ýazylýandygyny bilýäris.

Geliň, sagat aýlawyny kimiň oýlap tapandygyny ýatlalyň. Müsürliler! Olar, esasan, iýeroglifleriň gelşigini göz öňüne tutýardylar. Olar çepden-saga, sagdan-çepe ýa-da ýokardan-aşak hem ýazýardylar.  

Bu aýlaw dogrudan-da Müsürde oýlanyp tapyldy, emma olaryň prototipi adaty bolmadyk gün sagatlarydy. Şeýlelikde, demirgazyk ýarym şarynda ýaşalýanlygy we ilkinji sagadyň şol giňişlikde oýlanyp tapylanlygy sebäpli, onuň dilleri çepden saga tarap aýlaw edýär. Galyberse-de, wagty ölçemek üçin ilkinji oýlanyp tapylan gün sagadynyň kölegesi hem şol tarapa hereket edýärdi. Adamlar bolsa, aýlawy diňe şeýle ýagdaýda görmäge öwrenşipdiler. Emma sagat Awstraliýada oýlanyp tapylan bolsa, onda sagatlaryň dilleri tersine aýlaw ederdi.

Mährijemal GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com