Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Ykdysady ösüşlerde iňlis diliniň ähmiýeti

30-09-2022 / 5075

Hünärmenler ýakyn on ýylyň içinde dünýä ilatynyň, takmynan, 25%-i iňlis dilini özleşdirer diýip çaklaýarlar. Olaryň aglaba bölegi bolsa telekeçilerdir.

Käbir gyzykly maglumatlara görä, ykdysadyýetiň derejesi we ilatyň sosial üpjünçiligi olaryň daşary ýurt dillerini bilmegine gönüden-göni baglydyr. Ýurduň raýatlary daşary ýurt dillerini näçe köp bilýän bolsalar, diýmek, şol ýurduň ykdysady ýagdaýy hem gowudyr. Hususan-da, iňlis dilini bilmek ýurtda eksport akymynyň güýçlenmegine ýardam berýär. Bu bolsa daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli işleri alyp barmak üçin halkara dilleri bilmegiň zerurdygyny aňladýar. Netijede, halkara diller her bir ýurduň we tutuş dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Bu netijäniň subutnamasy hökmünde iňlis dilini bilýän ýurtlaryň daşary ýurt maýa goýumlary babatda has özüne çekijidigini mysal getirmek bolar. Bu bolsa, öz gezeginde söwdanyň, eksportyň we beýleki ykdysady taraplaryň ösmegine uly täsir edýär.

Begendik DÖWLETÝAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com