Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Öýde gyşlan garlawaç

30-09-2022 / 5370

Muny maňa bir dostum gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, tomus tamynyň eýwanynda mesgen tutunan garlawaçlaryň biri güýzüň başynda ýerläp uçýarka, synlap ýatan pişik birden ýerinden böküp turup, ony tutmakçy bolýar. Pişigiň ýiti dyrnaklary garlawajy mazaly ýaralaýar. Öý eýesi bu ahwalaty görüp, guşy pişikden halas edýär. Onuň döwlen ganatyny, ýaralaryny emlemäge başlaýar…

…Garlawaçlaryň gyş bolmaýan ýurtlara uçup gitmeli wagty gelipdi. Tutuş ýazy, tomsy bärde geçiren guşlar öz ýoldaşlarynyň sagalaryna garaşýardylar. Her gün onuň daşyndan birnäçe gezek öwrüm edip, guş dilinde jugurdaşýardylar. Emma ol garlawaç heniz uçmaga ukyply däldi. Güýzüň çapgyn şemaly öwsüp başlanda, dostum ýaralanan garlawajy öýüne salypdyr. Ýaradar garlawajyň ýoldaşlary daş-töwerekdäki ähli garlawaçlar uçup gidenden ep-esli soň gitmäge mejbur bolupdyrlar. Dostum öýde galan garlawaja dary, kepek, çörek owuntyklaryny berer eken. Onuň idegi netijesinde garlawaç kemsiz sagalypdyr. Gyş aýlary aram-aram daşary çykyp, öwrüm edip gelipdir.

Bahar gelipdir. Geň ýeri: garlawaçlaryň adatdaky gelmeli wagtyndan ep-esli öň dostumyň öýüniň öňünde olaryň bir topary peýda bolýar. Olar ýaradar bolup galan garlawajyň bolýan jaýynyň äpişgesiniň öňünde perwaz urýarlar. Dostum garlawajy öýünden çykaryp goýberýär. Onuň tutuş gyşky aýraçylykdan soňky öz maşgalasy bilen bolan duşuşygy gaty tolgundyryjy bolupdyr. Garlawaçlar şadyýan görnüşleri hem uçuşlary bilen bu wakany dabaralandyrypdyrlar.

Abdykerim BEGENJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com