Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary sylaglanyldy

29-09-2022 / 5069

28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlyk ministri, polkownik G.Annaýewi Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglady.

Milli howpsuzlyk ministri sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby borja, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi M.Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy.

Içeri işler ministri Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize hemişe wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Baş prokuror, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini berdi.

Baş prokuror berlen hünär derejesini hoşallyk bilen kabul edip, hormatly Prezidentimize, Watanymyza hemişe wepalylyk kasamyny aýtdy we geljekde-de öz mukaddes watançylyk borjuny abraý bilen berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com