Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

Çagalar üçin gözleg saýty

27-09-2022 / 5107

Ulularyň-a beýle-de dursun, internet hatda çagalaryňam ýakyn hemrasy. Internet ählimize, şol sanda körpe ulanyjylarymyza-da täze zatlary öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýar. Eýsem, haýsydyr bir zady gözledenimizde nähili saýtlardan peýdalanmaly?

Google gözleg ulgamy hemmämize tanyşdyr. Emma onuň ýörite körpe ulanyjylar üçin döreden gözleg ulgamy hakda welin, az bilýändiris. Bu ulgam KidRex diýlip atlandyrylyp, ol çagalaryň internet howpsuzlygyny üpjün edýär. KidRex gözleg sahypasy 2008-nji ýylda köpçülige ýetirilen-de bolsa, ol 2016-njy ýylda doly derejede işe girizilipdir. Bu howpsuz gözleg serişdesi çagalary zyýan berip biljek islendik web sahypalardan, wideolardan, suratlardan hem-de başga-da howply zatlardan goraýar. Gorag Google tarapyndan amala aşyrylýar.

Gözleg sahypasynda dürli dillerde çagalara niýetlenen müňlerçe maglumat ýerleşdirilen. Oňa https://www.alarms.org/kidrex/ salgysy bilen girip bilersiňiz.

Rahat HAMYDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com