Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

26-09-2022 / 5078

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ählihalk baýramyna — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna pugta ygrarlydygynyň aýdyň beýany boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edilmegi ýurdumyzyň ynsanperwerlik gymmatlyklaryna hem-de adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak boýunça umumy ykrar edilen halkara kadalara ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

 «TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com