Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Dünýädäki ilkinji sirkler

26-09-2022 / 5085

Dünýäde ilkinji sirk 1770-nji ýylda Filip Astleý diýen ussa tarapyndan döredilipdir. Ýewropada 19 sany sirkiň hem Astleý tarapyndan gurlandygy mälimdir. Ol şägirtleri bilen döreden sirklerinde, ilkinji gezek öz çykyşlaryny, aýdym-sazly dabaralaryny we hokgabazlyk oýunlary görkezýär. 1782-nji ýylda bolsa Astleýiň garşydaşy Çarles Huges Londonda patyşalyk sirkini döredýär. Wagtyň geçmegi bilen sirk Ýewropa we Günorta Amerika ýaýrap başlaýar.
Ilkinji sirklerde diňe atlardan peýdalanylan bolsa, XVIII asyrdan başlap beýleki haýwanlar hem ulanylyp başlanýar. Henri Martin Parižde görkezilen sirkde ilkinji gezek pil, ýolbars, ýylan ýaly haýwanlar bilen dürli oýunlary görkezmegi başarýar. 1870-nji ýyldan başlap sirklerde ýörite haýwanlar bilen işleýän bölümler işläp başlaýar.
1770-nji ýylda Fransiýada italiýaly Antonio Frankoni hem-de Astleý tarapyndan ilkinji sirk açylýar. Şeýlelik bilen dünýä ýüzüne ýaýran sirk sungaty 1785-nji ýylda Jon Bili Ricketts tarapyndan Amerika ýaýradylýar we Filadelfiýada ilkinji sirk gurulýar. Ýapyk ýerde ýerleşen «Ricketts» sirki hem edil beýlekiler ýaly, hokgabazlardan, haýwanlardan, gözbagçylardan durýan eken. Soňra wagtyň geçmegi bilen ilkinji göçürilýän sirkler peýda bolýar. Olaryň biri-de, «Aaron Tumer» sirkidir. Bu sirk ilkinji gezek 1830-njy ýylda öz oýunlaryny uly çadyrda görkezip başlaýar. Ol çadyr sökülip, at arabasy arkaly gerek ýerine äkidilipdir. Ýöne bu aňsat düşmändir. Demir ýoluň oýlanyp tapylmagy bilen 1870-nji ýyldan başlap bu işde wagonlar ulanylyp başlanýar.
Germaniýada ilkinji sirk 1884-nji ýylda doganlar Jon, Çarles, Otto, Albert we Alfred tarapyndan «Ringling» ady bilen açylýar. Bu sirki göçürmek üçin 20 metrlik 107 wagon, ýagny 4 sany demir ýol ulagy, çadyrlary gurmak üçin bolsa 2 sany futbol meýdançasy ýaly ýer gerek bolupdyr.

Merjen KERIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 211-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com