Slide
Slide
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Aşa umyt bilen işe başlama

23-09-2022 / 5166

Haýsy hem bolsa bir zat çakdanaşa taryplansa, ol köplenç şol tamany ödemeýär.Şonuň üçinem hyýala kowalaşmaly däl, sebäbi arzuw edilýän zady hyýala getirmekden aňsat zat ýok, ýöne şoňa ýetme kyn.

Hyýalbentlik bilen arzuw ikisiniň nikasyndan ýaşaýşyň ygtyýar edýäninden has uly bir zat peýda bolýar. Ýetilen zat her niçik belendem bolsa, ýürekden turmaýar, şoňa görä-de çendenaşa umyda ynanan ynsan kalby begenmegiň ýerine gynaýar, sebäbi onuň diýeni bolmady. Umyt – hakykaty ýuwmarlamagyň ussady. Goý, sagdyn paýhas arzuw edilýänden has peýdaly zat barada alada edip, ony agyzdyryklap saklasyn! Ilki, höweslendirmek üçin, ähli zady seljerip goýmak, haýsydyr bir zatjagazy karzyna bermeli. Goý, hakykat garaşylyşyndan has artykrak eçilsin. Emma akmaga bu düzgün ýaramaz, bu ýerde üstüne goşulaýanynyň-da zyýany ýok.

Yhlas MERGENBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com