Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ak ýollaryň aladasy

22-09-2022 / 5079

Ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk halkymyz tarapyndan çuňňur makullanyldy. Ýol hereketiniň howpsuzlygy bütin dünýä boýunça öň hatardaky meseleleriň biridir.

Her etrapda, şäherde we obalarda bu möhüm çäre bilen baglanyşykly çagyryş äheňli şygarlar, biraýlygyň ýörite tassyklanan nyşanlary we beýleki duýduryş äheňli suratlar ýollaryň gyralarynda asylyp, hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Aýratyn hem uly ýoluň mekdepleriň deňinden geçýän böleklerinde sürüjä ulagyň tizligini peseltmäge mejbur edýän çäreler we goşmaça duýduryş alamatlary garaşylýan netijeleri berýär.

Hawa, biraýlygyň dowamynda geçirilýän her bir çäre köpçülikleýin häsiýete eýe bolmak bilen ýaşlaryň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine bolan gyzyklanmany has-da artdyrar. Bu babatda olarda ýüze çykýan soraglara jogap bermek üçin polisiýa işgärleri ähli mekdeplerde, yzygiderli duşuşyklary gurap durýarlar. Şol duşuşyklara saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň-de goşulmagy bolsa, geçirilýän her bir çäräniň, duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrýar. Aýratyn-da, maşgala lukmanlarynyň her bir öýde bolup bu babatda berýän maslahatlary, sargytlary raýatlarymyz tarapyndan çuňňur makullanmak bilen kabul edilýär. Şeýle köp taraplaýyn edilýän tagallalar bolsa ynsan saglygynyň ähli zatdan ýokary tutulýan biziň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýlen syýasatyň mundan beýläk-de amala aşmagyny üpjün eder.

Jemşit JEÝHUNOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com