Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Täsin ýol hereket düzgünleri

19-09-2022 / 5124

Dünýäniň çar künjegindäki geň galdyryjy ýol hereket düzgünleri:
Daniýa. Daniýada ýaşaýan her bir sürüji awtoulaga münmezden ozal awtoulagynyň aşagyny barlamaly. Çünki aşagynda biri bar bolup biler diýen düşünje bar. Bu mümkinçiligi nädip äsgermezlik edip bilersiňiz?
Kipr. Kiprde ulag sürýän sürüjä, sebäbine garamazdan, iýmek-içmek düýbünden gadagan edilendir.
Tsitsero. Bu şäherde hepdäniň dynç güni köpçülikleýin köçelerde sykylyk çalmak bolmaýar.
Ispaniýa. Günlük äýnek düzgüni Ispaniýada ynanyp bolmajak ýol düzgüni hökmünde ýüze çykypdyr. Bu ýerde sürüjilere möwsümine garamazdan ulagynda ätiýaç äýnegiň bolmagy hökmanydyr.
Ýaponiýa. Ýaponiýa hoşniýetli adamlaryň ýurdy hökmünde tanalýar. Hatda Ýaponiýada salamlaşmak hem ýarym sagat dowam edýär. Şonuň üçin ýurduň ýol hereketi düzgünleri babatynda-da, mylaýym we mylakatly bolmak talap edilýär.
Şweýsariýa. Şweýsariýada awtoulagyň gapysyny gaty ýapmak düýbünden gadagandyr.
Kanada. Kanadada kanun boýunça awtoulagy paýtun ýa-da atdan çalt sürmek bolmaýar.
Glendale. Arizonanyň Glendale şäherinde awtoulagy yza sürmek bolmaýar.
Milford. Massaçusets ştatynyň Milford şäherinde awtoulagyň penjiresinden kelläňi çykarmak bolmaýar.
A siz haýsy täsin ýol hereket düzgünlerini bilýärsiňiz?

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Mekan SALYHOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com