Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýürekleri heýjana getirýän bagt

14-09-2022 / 5090

Erkinlik, özygtyýarlylyk her bir ynsan üçin ägirt uly bagt. Garaşsyzlyk bize türkmeniň däp-dessurlaryny, aslyny gaýtaryp berdi. Bagt, ruhubelentlik, buýsanç ýaly ençeme duýgulary bagyş etdi.

Ýüregi heýjana getirýän ýeri hem millilige, milli ruha eýe bolmagymyzdyr. Ynha bu gün türkmen halkymyzyň şol bagtdan paýly bolanyna 31 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň berkararlygydyr. 1991-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň konstitusion Kanuny halkymyzyň Garaşsyzlyga bolan erk-isleginiň hukuk binýadyny emele getirdi. Bagtly, bagtyýar, tugly, tugraly halkymyz berk kanunylygyny beýan edýän Esasy kanunyny, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kabul etdi. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar.

Günüň tylla çogy gül-gülüstan Watanymyzyň üstüne hemişelik ýagty şuglasyny saçdy. Halk abadan, Watan özerkli, Garaşsyz bolanda bolsa ösüş-özgerişler yzly-yzyna dowamly gelip dur.

Merdana ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlary 1991-nji ýylda amala aşyp, Garaşsyz türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk bize bir bitewi halkdygymyza buýsanmaga, Watanymyzyň jebisliginden ruhlanyp, abadan ýaşamaga şert döretdi. Döwletimiz asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy we maddy baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Häzirki wagtda şol taryhy baýlyklarymyz, milli mirasymyz halkymyzyň milli buýsanjy bolup, dünýä özüni tanadýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň, amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde şöhratly taryhymyz has-da arşa çykýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan özüniň syýasy, ykdysady ýagdaýyny ösüşiň belent derejelerine ýetirip, dünýä özüni tanadyp, daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Garaşsyzlyk — bu beýik bagt! Garaşsyzlyk baýramynyň ýurdumyzyň Baş baýramynyň bolmagy hem Garaşsyzlygyň türkmen  halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygynyň güwäsi bolýar.

Söhbet ILIMOW,
Türkmen döwlet binägarlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com