Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanun kabul edildi

02-09-2022 / 5064

Milli metbugatda habar berlişi ýaly, 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Munuň özi nobatdaky ýaşlar forumynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatyny, bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahat geçirdi. Şonda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleriň ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, halypa professorlardyr alymlar tarapyndan öwrenilip we seljerilip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna hödürlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy. Şunlukda, agzalan Kanunyň rejelenen görnüşini, şeýle-de onuň bilen baglanyşykly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy.

Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz täze döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekip, rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň maksadynyň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden ybaratdygyny nygtady.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com