Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýaşlar gurultaýy geçirildi

01-09-2022 / 5066

Şu gün — 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary giň gerime eýe bolýar. Şu günde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi bilimler baýramçylygynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Gurultaýa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaşlar guramalarynyň agzalary agzybirlikde gatnaşdylar. Onuň dowamynda häzirki döwrüň ýaşlar bilen bagly wajyp meseleleri, Ýaşlar guramasynyň 2019 — 2022-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi, käbir guramaçylyk meselelerine garaldy. Şunlukda, guramanyň täze ýolbaşçylary — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygyň orunbasary wezipesine Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

Çykyşlarda Ýaşlar guramasynyň öz öňünde goýlan wezipelere esaslanyp, işiniň netijeliligini ýokarlandyrýandygy bellenildi. Ýeri gelende bellesek, ýaşlary durmuş-sosial taýdan goldamak, ylma, döredijilige höwesli zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, zehinli ýaşlary halk köpçüligine tanatmak, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ýaşlar telekeçiliginiň ösüşine ýakyndan goldaw bermek guramanyň baş wezipeleriniň hatarynda durýar.

Akyldarlaryň biri: «Maňa ýaşlaryňyzy görkeziň, geljegiňiziň nähili boljakdygyny aýdaýyn!» diýipdir. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara eziz Watanymyzyň at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýän gurujylar hökmünde uly ynam bildirýär. Türkmen ýaşlarynyň baş maksady bolsa okamak, öwrenmek, zähmet çekmek arkaly kämilligiň basgançaklaryna aralaşmakdan, täze taryhy döwürde Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän beýik ynamyna mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmekden ybaratdyr. Diýmek, biziň geljegimiz nurana bolar.

Gülbahar BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com