Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

1-nji sentýabrda nähili çärelere garaşylýar?

30-08-2022 / 5091

1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli çäreler geçiriler. Şolaryň hatarynda  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy hem bar.

Hususan-da, şol günde Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçiriler. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guralar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen ilkinji okuw sapaklary geçiriler. Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrar.

Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatly sowgatlary — kompýuterleri gowşurmak dabarasy göz öňünde tutulýar.

26-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynyň dürli wakalara örän baý boljakdygyny belläp, Hökümet agzalaryna 1-nji sentýabrda orta we ýokary okuw mekdeplerine barmagy hem-de ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlamaklaryny tabşyrdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com